09.02.2026

Woman Economics Society bilen bilelikde beýni we sagdyn durmuş boýunça trening

Trening

Woman Economics Society jemgyýetçilik guramasy we onuň ýolbaşçysy Gülaýym Kolakowa bilen bilelikde häzirki zaman ylmy maglumatlaryna esaslanan beýni hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça bilim beriji trening geçirildi.

Treningiň dowamynda gatnaşyjylar beýniniň işleýiş mehanizmleri, dopamin gormony we onuň adam özüni alyp barşyna edýän täsiri barada maglumat aldylar. Şeýle hem sosial torlaryň çalt duýgy berýändigi, beýniniň bu stimullara öwrenişýändigi we netijede gündelik durmuşyň käwagt “gyzykly däl” ýaly duýulyp başlaýandygy düşündirildi.

Hereketiň we fiziki işjeňligiň beýnä edýän peýdasy aýratyn nygtaldy. Bedeniň uzak wagtlap oturmak üçin döredilmändigi, hatda günde 15 minut hereketiň hem stres derejesini peseldip bilýändigi ylmy taýdan beýan edildi. Trening sorag-jogap görnüşinde, açyk we dostlukly ýagdaýda geçirildi.

Aýratyn toparlar: uly ýaşlylar we 10–12-nji synp okuwçylary

Uly ýaşlylar üçin: Bu topar bilen emosional ýadawlygyň öňüni almak, stres dolandyryşy, beýniniň ýaş bilen bagly üýtgemeleri we üns mümkinçiliklerini durmuş ýörelgesi arkaly goldamak mowzuklaryna üns berildi. Gatnaşyjylar ukusy kadalaşdyrmak we maglumat ýüküni azaltmak boýunça amaly maslahatlar aldylar.

Trening pursady

10–12-nji synp okuwçylary üçin: Ýaşlar bilen geçirilen duşuşykda telefonyň we sosial torlaryň beýnä täsiri, dopamin mehanizmi we öz-özüňi dolandyrmak başarnyklary barada gürrüň edildi. Okuwçylar aýratyn gyzyklanma bilen “näme üçin telefon ulanylyşy artdygyça hakyky durmuş gyzykly däl ýaly bolup görünýär?” diýen soragy ara alyp maslahatlaşdylar.

SAGDYN RUH taslamasy jemgyýetde psihiki we fiziki saglygyň medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen çäreleri dowam etdirýär.

Pikirleriňiz

Gerekli bölüme dön